Hormatly raýatlar!

8 Oktýabr 2024
364

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hem-de ýurdumyzyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi zerur bolan raýatlarymyz üçin milli puly daşary ýurt puluna çalyşmaga, şol sanda halkara «Visa» we «MasterCard» kartlarynyň hasaplaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik berýän fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar.

«Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmak üçin raýatlarymyz bir gezeklik banka gelip, tölege degişli resminamalarynyň asyl nusgalaryny barlatmaly hem-de daşary ýurt pulunda goýum hasabyny açmak we ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Şeýlelik bilen, bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet sahypasynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 38-03-57, 38-03-63, 38-03-84, 38-01-37.
www.dayhanbank.gov.tm