Kärendeçiniň zähmet üstünligi

8 Oktýabr 2024
343

Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Magsat Meredowyň çeken yhlasly zähmeti Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýerine düşdi. Bu ýaş kärendeçi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny zähmet üstünligi bilen garşylady.

— Men şu ýyl 10 gektar ýerde gowaçanyň biziň toprak-howa şertlerimize oňat uýgunlaşan, kesellere durnukly, ýokary hasyl beriji görnüşini ösdürip ýetişdirdim. Ekişi hem-de otag, ýekeleme, zyýankeşlerden goramak, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak ýaly degişli ideg işleri öz wagtynda ýokary hilli geçirdik. Çeken zähmetimiz ýerine düşüp, Watan harmanyna 21 tonna 680 kilogram «ak altyn» tabşyryp, meýilnamany 108 göterim berjaý etdik. Atyzlarda entek pagta köp. Pagtanyň ýekeje hanasyny-da yrýa etmän Watan harmanyna tabşyrmak üçin iş depginimizi barha batlandyrýarys. Döwlete ýene-de 15 tonna pagta tabşyrmagy göz öňünde tutýarys.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.