Şu günler Watanymyzyň galla harmanyna 345 müň tonnadan gowrak guşgursak dänäni goşan Mary welaýatynyň «Marygallaönümleri» önümçilik birleşigine degişli galla kärhanalarynyň işgärleri galla kabul ediş kärhanalaryna daşalan däne hasylyny döwrebap elewatorlara ýerleşdirmek işlerini tamamladylar. Bu iş welaýatyň «Altyn sähra» galla önümleri kärhanasynda has hem göwnejaý amala aşyryldy. Sebitiň uzakdaky Oguzhan we beýleki birnäçe ýaýlalarynda şu ýylky ýetişdirilen bugdaý hasylyny bökdençsiz we talabalaýyk kabul etmek hem-de kärhananyň 50 müň tonna galla hasylyny uzak möhletleýin saklamak üçin niýetlenen döwrebap elewator möwsüme öňünden ýokary hilli taýýarlanypdyr.
Kärhananyň galla kabul ediş merkezlerine tabşyrylan galla hasylyny elewatorlara we onuň ammarlaryna daşamakda «Mary awtoulag» önümçilik birleşiginiň ýokary ýük göterijilikli ulaglarynyň üznüksiz işledilmegi bilen, bu ýerde her günde bugdaý hasylynyň ýüzlerçe tonnasy elewatorlara ýerleşdirildi. Ýygnalan däne hasylyny ýokary hil derejesinde uzak möhletleýin saklamak ýaly jogapkärli wezipäni öz üstüne alan kärhananyň elewatorlarynyň önümçiligi kompýuter tehnologiýasy esasynda dolandyrylýar. Enjamlaryň talabalaýyk işledilmegi elewatoryň içiniň howalandyryş ulgamynyň çyglylyk derejesiniň tehnologiýa talaplaryna laýyk bolmagyna şert döredýär. Bu bolsa däne hasylynyň uzak möhletleýin, ýokary hilli saklanylmagyny üpjün edýär.