Täze eýýamymyzda bereket-bolçulygyň egsilmez çeşmesi bolup, täze güýç, zähmet joşguny bilen nurlanýan güýz paslynyň häzirki günleri Daşoguz welaýatynda hem pagta ýygymynyň depgini barha ýokarlanýar. Günüň nuruna ap-ak öwşün atyp, şugla saçýan «ak altynly» meýdanlar ir ertirden yhlasly herekete, ýakymly aladalara gurşalýar.
Hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen ruhlanýan, täzeçe işlemegiň asylly nusgasyny görkezýän demirgazyk sebitiň pagtaçy kärendeçileri, ussat ýer eýeleri ýokary hasyly ýygnap alyp, döwletimiziň belent harmanyna goşant goşýarlar. Gyzgalaňly dowam edýän ýygym möwsüminde tutanýerli işläp, ilkinji zähmet ýeňişlerini gazanýan kärendeçileriň sany hem günsaýyn köpelýär.