Geologlaryň netijeli gözlegleri

5 Oktýabr 2024
378

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde gözleg-barlag işlerini geçirmek arkaly ýerasty suw ýataklarynyň gorlaryny hasaplaýarlar. Şunda ýerasty we ýerüsti suwlaryň, topragyň geoekologik ýagdaýyny öwrenmek we ýüze çykarmak üçin gidrogeologik we ekologik, meliorasiýa maksatly inžener-geologik barlag we surat alma işleri amala aşyrylýar. Şeýle-de bu ýerlerde ýerasty suwlaryň düzümini, dolanyşygyny hem-de hilini öwrenmek babatda köpýyllyk gözegçilik çäreleri geçirilýär.

Ýurdumyzyň ýerasty suw gorlaryny artdyrmak hem-de agzalan sebitleriň ilatynyň arassa agyz suwuna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda Mary welaýatynyň Zähmet, Garabil, Tärimli, Şatlyk, Mekan, Gündogar Baýramaly, Günbatar Baýramaly, Täze oba, Sandykgaçy, Lebabyň bolsa Zähmetkeş, Narazym meýdançalarynda buraw hem-de surat alma işleri dowam etdirilýär. Ýerasty suwlaryň, mineral bejeriş suwlarynyň gözleg-barlag, gorlaryny hasaplama işleri-de utgaşykly alnyp barylýar. Mundan daşgary, buýurmalar esasynda Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginde tehniki hajatlar üçin ýerasty suwlaryň gözlegi, barlaglary, şeýle hem Bereket etrabynyň çäginde ýod zawodynyň buýurmasy boýunça ýod-brom suwlarynyň gözleg işleri geçirilýär. Netijede, ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen üç çärýeginde 20 müň 204 pogonometr mehaniki sütünleýin burawlama işleri geçirilip, bu baradaky meýilnama 107,4 göterim ýerine ýetirildi.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).