Geçmişden geljege uzaýan gymmatlyklar

4 Oktýabr 2024
374

Halkyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklaryny goramak, öwrenmek we geljekki nesillere geçirmek häzirki döwürde möhüm wezipe bolup durýar. Ähli döwürlerde beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet beren halkymyz bu ugurda oýunlaryň, bäsleşikleriň dürli görnüşlerinden peýdalanypdyr. Bu günki sport görnüşleriniň aglabasy gadymyýetden dowam edip gelýän oýunlardandyr tälim-türgenleşiklerden gözbaş alýar.

Garaşsyz Watanymyzda milli sport oýunlaryny dikeltmek we ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkezi döredildi. Ol 2020-nji ýylda Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň düzümine kabul edildi. Bu merkez halkymyzyň döreden aň-paýhas we hereketli oýunlarynyň dürli görnüşlerini ösdürmek boýunça işleri alyp barýar.

Maýsa GULOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.