Şu ýylyň 22 – 30-njy sentýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde kikboksing boýunça ýetginjekleriň, ýaşlaryň, ulularyň hem-de weteranlaryň arasynda Dünýä kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşikde türkmen kikboksçylary 12 medala mynasyp boldular. Şolaryň 7-si altyn, 5-si bürünç medallardyr.
Ýaryşda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň okuwçysy Muhammetaly Orazmuhammedow 30 kg agramda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 39-njy orta mekdebiniň okuwçysy Rasul Rustamow 42 kg agramda, Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Serdar Bekenow 51 kg agramda, Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Nurmuhammet Joraýew 52 kg agramda, Türkmenabat şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň okuwçysy Kirill Woýewodin 54 kg agramda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby Akmyrat Akmyradow 67 kg agramda, Türkmenabat şäheriniň 33-nji orta mekdebiniň okuwçysy Salamathan Baltaýew 86 kg agramda altyn medallara mynasyp boldular.