Golaýda Tbiliside Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi. BMG-niň bu maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Şeýle hem çärä 40-dan gowrak ýurtdan ýokary derejeli myhmanlar, halkara guramalaryň wekilleri hem-de syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylarydyr ýokary taýýarlykly hünärmenleri gatnaşdylar.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobakhidze, şeýle hem, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bilşimiz ýaly, sport we syýahatçylyk bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.