Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitleri, gazanýan üstünlikleri abadan we parahat durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýär. Täze taryhy eýýamyň her pursady agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar.
Geňeşilip, maslahatlaşylyp başlanylýan işiň rowaçlyklara, şowlulyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan işler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Her bir işde il-halka geňeşmek parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýolunyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.