MILLI GARAŞSYZLYK WE ÝAŞLAR

1 Oktýabr 2024
377

Agzybirlik, asudalyk, jebislik diýen beýik düşünjeleri berkidip, özbaşdak ösüşiň röwşen ýoluny açan mukaddes Garaşsyzlygymyza 33 ýyl doldy. Taryh üçin juda uly bolmadyk döwürde türkmen döwleti öz ýoluny saýlap alyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti esaslandyrdy. Milliligimizden gözbaş alyp, uzak geljegi nazarlap durmuşa ornaşdyrylan işleriň netijesinde halkymyz indi 33 ýyl bäri Garaşsyzlygymyzyň hem maddy, hem ruhy eşretini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren datly miweleriniň biri-de ýaşlar syýasatynyň dabaralanmasy boldy. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup galkynan ýaşlaryň, şol ýylyň 16-njy noýabrynda gurultaýy çagyrylyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredilýär. Şol günlerden bäri hem, Gurama sagdyn bedenli we ruhy-ahlak taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri amala aşyryp gelýär.

Mämmedaly ORAZALIÝEW
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni.