Halkymyzyň arasynda aýtga öwrülip, aňymyza, ruhumyza ornan «Çaga durmuşyň güli» diýen ajaýyp hikmetli söz bar. Hakykatdan hem, heňňamyň hakydasyna ornan parasatly jümlelere gulak goýsaň, «baldan hem datly balalaryň» şadyýan gülkülerinde ömrümiziň ähli süýjüligi, tagamy jemlenendir. Pederlerimiziň «Çagaly öý bazar» diýen pähimi hem ýöne ýere dörän däl bolsa gerek?! Çünki döwrümiziň gül-gunçalary bolan çagalar dünýämizi şadyýanlyga, şowhuna besleýär. Şol sebäpli hem, halkymyzda müňýyllyklaryň dowamynda çagalaryň nesil dowamatynyň binýady, aýdyň ertirlerimiziň şuglasy hökmünde aýratyn üns-alada bilen gurşalmagy ýöne ýere däl.
Bagtyýar çagalygyň, asuda, bolelin durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň mekanyna öwrülen gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar.