Çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijisi

4 Oktýabr 2024
420

Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Arslan Arturow «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi tarapyndan geçirilen çeperçilik bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy.

«Ozon gatlagyny gorap saklamak üçin näme edip bilerin?» diýen mowzuk boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ähli sebitlerinden surat eserleriniň 80-den gowragy hödürlenildi. Onda çärjewli mekdep okuwçysynyň işi «Iň gowy iş» diýlip yglan edildi. Ikinji, üçünji orunlary bolsa paýtagtymyzyň orta mekdeplerinden gatnaşan okuwçylar eýelediler.

Narhal ŞERIPOWA,
Çärjew etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.