Mähri JUMAÝEWA,
Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň bölüm müdiri:
— Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň derwaýys meselelerini öňe sürýän hem-de olar boýunça mynasyp çözgütleriň kabul edilýän Halk Maslahatynyň mejlisi türkmen halkynyň ýagty geljegini nazarlaýar. Maňa hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň adyndan şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etmek bagty miýesser etdi.