Mähriban halkymyz bu gün hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, sagdyn jemgyýetçilik gurluşynyň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap aýgytly gadamlar bilen öňe barýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleri, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ata Watanymyzyň bu ugurda halkara guramalaryň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar.