Ýandak — kösükliler maşgalasynyň adybir urugyna degişli bolmak bilen, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Gymmat bahaly dermanlyk, ot-iýmlik, bal beriji bu azyklyk ösümligiň dünýäde we ýurdumyzda birnäçe görnüşi duşýar. Onuň kökünde krahmal, witaminler, karotin, antraglikozidler, otunda triterpenoidler, saponinler, flawonoidler bar. Tikenekli şahalarynda, ýapraklarynda, güllerinde organiki turşulyklar, flawonoidler, bulardan başga-da, ýandakda natriý, kalsiý, magniý, demir, allýuminiý, titan, fosfor, margenes, kremniý saklanýar.
Lukmançylykda ýandak — ganly içgeçmede, tonzilitde, stomatitde, ginekologik kesellerde, şeýle hem derlediji, iç sürüji serişde hökmünde ulanylýar. Halk lukmançylygynda ýandagyň otundan taýýarlanylýan jöwheri we peti köplenç aşgazan-içege, öthalta, dalak, bagyr, böwrek, ýürek-damar kesellerinde peýdalanylýar. Sowuklama keselleri zerarly dörän gurak üsgülewügi ýumşatmak üçin hem içilýär. Ol gan basyşyny kadalaşdyrýar.