Ene topraga yhlasyny siňdirip, abraýdyr sylaga eýe bolýan adamlar welaýatymyzda az däl. Şolaryň biri-de Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy, bu günki gün tejribeli bagbanlaryň biri hökmünde tanalýan Bibihajar Hojageldiýewadyr.
Bibihajar daýza 42 ýyldan gowrak wagt bäri oba hojalyk işleri bilen meşgullanyp, bu ugurda öz göreldesini görkezip gelýär. Ile görelde görkezýäniň bolsa gadyry-da bilinýär. Ol Magtymguly etrabynyň «Sumbar» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işlän döwründe, ýagny 2006-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanýar. Şol ýyl Bibihajar Hojageldiýewa özüniň kärende meýdanyna gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almagy başarýar. Kärende ýerine bugdaý ekip, bol galla hasylyny harmana tabşyran ýylynda, ýagny 2009-njy ýylda daýhan zenan «Gaýrat» medalyna mynasyp bolýar.