Bar nygmatdan ýegdir, saglyk mazasy

2 Oktýabr 2024
399

Dünýä belli alym Ibn Sinanyň belleýşi ýaly, adam saglygy daşky gurşaw bilen baglydyr. Sagdynlyk — ynsanyň başynyň täji. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde-de ýurdumyzyň baş baýlygyna deňelýän il saglygyny goramak bilen bagly parasatly pikirler öz beýanyny tapypdyr. Şahyr: «Bar nygmatdan ýegdir, saglyk mazasy» diýmek bilen, saglygyň dünýe malyndan gymmatlydygyny belleýär.

Häzirki günlerde howanyň üýtgäp durmagy we pasyl çalyşmagy bilen möwsümleýin keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy artýar. Şuňa görä möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen saglygymyza has-da esewan bolmagymyz gerek. Zyýanly mörjewler arassa howada uzak ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin hem öý-içerini tämiz saklamaly, çygly arassaçylyk işlerini ýygy-ýygydan geçirmeli. Içerini ýelejireden wagtyňyzda şemal çekýän ýerde durmak, sowadyjyda duran suwy içmek maslahat berilmeýär. Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden mäkäm goranmaga kömek edýär. Elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda, agzyňyzy, burnuňyzy birgezeklik elýaglyk bilen ýapmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.