Ynsan saglygynyň aladasy

2 Oktýabr 2024
492

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy hakda uly alada edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda: “Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr” diýip bellemegi hem ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýetiň berilýändigini görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşynda ýakyn wagtda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň işe giriziljekdigi barada aýtmagy saglygy goraýyş işgärlerinde buýsanç duýgusyny döretdi.

Gurbangül GARRYÝEWA,
Gökdepe etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramasyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri.