Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde sanly ulgama uly ähmiýet berilýär. Eziz Watanymyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly ösen düşünjeli bolmaklary ugrunda döwrebap işler amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, ägirt uly işler alnyp barylýar. Ylym we bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr. Şunda, ilkinji nobatda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Şonuň netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän bilim portallary sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini hödürleýär. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahatlar ýa-da dürli bäsleşikler bilim özgertmeleriniň üstünliklere eýedigini subut edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi üçin ukyply ýaşlary terbiýeläp, öz kärlerine ökde hünärmenler edip ýetişdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, geljegimiziň berk binýady bilimli ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dünýä ylmynyň gazanan iň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa geçirilýär, okatmagyň hili ýokarlandyrylýar.