Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Çagalar baglarynda dürli usullar esasynda okuw-terbiýeçilik işleriniň alnyp barylmagy, gurnaklaryň hereket etmegi uly ähmiýete eýe bolup, çagalary mekdebe taýýarlamakda, olaryň tebigy zehinini açmakda we ösdürmekde netijesi uly bolan işlerdir. Çaganyň beden taýdan sagdyn ösmeginde, zehininiň açylmagynda çagalar baglarynda hereket edýän gurnaklaryň örän uly ähmiýeti bar. Gurnaklar körpelere bilim we terbiýe bermekde goşmaça çeşmedir. Şeýle-de gurnaklar mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan pedagogik işdir. Çagalar baglarynda açylýan gurnaklar birnäçe wezipäni, ýagny bilim berijiligi, terbiýeleýjiligi öz içine alýar. Mekdebe çenli çagalara sapaklarda okuw ýumuşlaryny ýerine ýetirmegiň dürli tärlerini öwretmek, gurnaklarda olaryň tebigy zehinini açmak we ösdürmek pikirleniş işjeňliginiň kämilleşmegine, ukyplarynyň ösmegine ýardam edýär.