Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary

1 Oktýabr 2024
513

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem biz — bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaşlaryň halkymyza wepaly, dünýä ylmyndan baş çykarýan, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär. Bilim maksatly binalaryň ýyl-ýyldan artmagy diňe bir bilim ulgamynyň işgärlerini däl-de, perzendiniň ýagty geljegini arzuwlap, olary ak mekdeplere atarýan her bir ildeşimiziň göwnüni galkyndyrýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim edaralarynda döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň beden we ruhy taýdan ösen, sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Gunça ATAÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.