Baglar we miweler hakynda

1 Oktýabr 2024
524

Häzirki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem depginli ösüşler gazanylýar. Oba hojalyk pudagy ylmyň gazananlary, halkara giňişliginde gazanylýan üstünlikler hem-de milli tejribelerimiz bilen sazlaşykly ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar. Ine, şol taryhy tapyndylar Änewiň şol döwürlerde ýokary derejede ösen ýaşaýyş merkezleriniň biridigini tassyklady» diýip, uly buýsanç bilen belleýär.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.