Ýaşuly nesle belent sarpa

1 Oktýabr 2024
357

Bu günki gün Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Il sylagly ýaşulular ýurdumyzda geçirilýän dürli medeni-köpçülik çärelerine, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyp, halkyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkemegine mynasyp goşantlaryny goşup gelýärler. Mälim bolşy ýaly, 24-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda, däp bolşy ýaly, türkmeniň milli ruhuny, medeniýetini, asylly häsiýetleri wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary bilen ýagşy görelde görkezýän dili senaly ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan enelerimize sylaglaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy has-da guwandyryjydyr. Biz hem Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli, Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekilleriniň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildik.

Annadurdy TAGANOW,
Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy: