Olara «Ýaşlygyň ýetnesi» hem diýýärler. Eýsem ol nämedir öýdýäňiz? «Pah-haý, şony bilmezem barmy?» diýäýjekler barsa bardyr. Herhal, bu bir ilçilik, hemmäni biraýakdan sürüp boljakmy? Meniň, seniň, onuň, dördünji biriniň bilýänini tamamy halaýyk aňýandyr öýtmek aňşyryklylykmyka? Pyragy atamyzyň: «Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr» diýenlerine salgylansaň-a, hemmäniň hemme zatdan başy çykyp, ähli zada düşünmegi mümkin däl. Diýmek, gürrüň bu söz düzümindäki ikinji sözi seljermekden başlanylsa göwnejaý bolsa gerek. Şeýlelikde, pikiriň ap-aýdyň bolmagy üçin, «ýetne» sözüniň «Ýetmezi ýetirmek, üstüni doldurmak» manysynyň bardygyny nekawlamak dogrudyr.
* * *