Nebitgaz pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär

30 Sentýabr 2024
392

Nebitgaz pudagy ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu pudagyň okgunly öňe gitmegine uly üns berilýär. Muňa mysal hökmünde ýangyç-energetika pudagyna degişli täze desgalaryň gurulmagyny, diwersifikasiýa ýoly bilen tebigy gazyň daşary ýurtlara goýberilmegini, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyny, iri möçberde maýa goýumlarynyň çekilmegini belläp geçmek bolar. Türkmenistan nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolup, öňdebaryjy kompaniýalar bilen işewürligi ýola goýýar, energiýa çeşmeleriniň ugradylýan çäklerini giňeltmäge çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energoulgamyna sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý bolan ýataklary ýüze çykarmak, nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, guýulary burawlamak, abatlaýyş işlerini çaltlandyrmak babatynda alnyp barylýan işler ähmiýetlidir.

Gylyçmyrat NURGELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy.