TALYPLYK ÝYLLARY — ULY MÜMKINÇILIKLERIŇ DÖWRI

1 Sentýabr 2024
286

On iki ýyl mundan ozal ýokary okuw mekdebinde ilkinji derse başlanymyzda halypa mugallymlarymyzyň: «Uniwersitet — üýtgeşik ýer. Bu ýerde her kim öz maksat-myradyna ýetýär. Ylym-bilime höwesliler adamzadyň asyrlaryň dowamynda toplan gymmatly hazynalaryna eýe bolýar, söwer ýaryny tapmak isleýänler özlerine ömürlik hemra boljak mynasyp ynsana duşýar, ykrar edilmek isleýänler abraý eýesi bolýar... Şonuň üçinem özüňize dörän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanjak boluň!» hem-de «Talyplyk döwründäki bäş ýylyňyz geljegiňiziň elli ýylynyň nähili boljakdygyny kesgitleýär» diýen öwütleri şu günem ýatdan çykanok. Şondan bäri geçen ömrüň bir müçesine barabar döwürde ýokary okuw mekdebini tamamlap, göwün beren kärinde birnäçe ýyl zähmet çekip gelýän hünärmen hökmünde ýene-de şol öwüt-ündewler barada oýlanýarsyň. Bu gün talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň müňlerçesiniň ýokary okuw mekdepleriniň gapysyndan ilkinji gezek ätläp, durmuşyň täze tapgyryna gadam basyşy barada oýlananyňda bolsa bilim-ylym, hünär we tejribe bilen baglanyşykly pikirleriňi paýlaşmak isleýärsiň.

Ýaşlaryň aglaba köpüsi talyplyk döwründe diňe bilim-ylyma ähmiýet berip, hünär öwrenmek we geljekki zähmet ýoluny meýilleşdirmek barada okuwyň ahyrky ýylynda pikirlenip boljakdygyna ynanýar. Emma zähmet ýoluňy we durmuş meýilleriňi ýokary okuwy tamamlaýan döwrüňe çenli süýşürmegiň dogry çözgütdigi ikuçlydyr. Sebäbi talyplyk ýyllary — ajaýyp mümkinçilikleriň döwri. Bu döwürde dürli ugurlarda ukyp-başarnyklaryňy synap, özüňe laýyk kesp-käri saýlap almaga we şol ugurdan kämilleşmäge wagt bar. Wagt bolsa iň gymmatly närseleriň biri. Talybyň özleşdirmeli dersleri we taýýarlanmaly synaglary wagt ýetmezçiligine bahana bolup bilmez. Sebäbi ýokary okuw mekdebini tamamlap, zähmet we durmuş ýoluna rowana bolanyňda wagtyň akymy has-da çaltlaşýar. Talyplyk ýyllarymyzda maksatnamadan daşgary hepdede azyndan bir eseri okap tamamlaýan ýoldaşlarymyz häzir aýda bir kitaby bitirse, örän begenýändiklerini boýun alýarlar.

Ahmet GELDIÝEW
«Watan» gazetiniň bölüm redaktory.