ARZUWYMYŇ WYSALY

1 Sentýabr 2024
299

«Ýaradan nesip etmejek zadyny arzuw etdirmez» diýilýär. Şeýle nesipden eýýäm, gör, näçenji gezek paýly bolýaryn. Beýle şowly diňe men däl bolsam gerek. Çünki ezelde ýalkanan, Hakyň halan, halkyň saýlan Howandarynyň başda duran bu berkarar ýurdy haýyrly arzuwlaryň ählisiniň hasyl bolýan ülkesidir.

Bagtly çagalaryň ýurdunda bagtyýar nesillerimiz bilen birlikde ählimiz arzyly günleriň ýene birine — täze okuw ýylynyň ilkinji gününe gadam basdyk. Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän çagajyklaryň, bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşan mekdep okuwçylarynyň, aýratynam, «talyp» adyna eýe bolan bagtly ýaşlaryň joşguny, tolgunmasy olary görenleriň ählisinde ýakymly duýgulary oýarýar.

Süleýman HOJANEPESOW
Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.