24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan söwda toplumynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan hünärmenler, şeýle-de söwda toplumynyň işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada, ilki bilen, wise-premýer B.Atdaýew çykyş edip, bu ýere ýygnananlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryna mynasyp bolan hünärmenleri tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de wise-premýer döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara Watanymyzyň gülläp ösüşi ugrunda mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmeklerini arzuw etdi.