«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk halkymyzyň rahat, asuda durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýollarymyz hereketi düzgünleşdiriji iň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylýar. Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ähli şertler döredilip, ýerasty pyýada geçelgeleri, ýanýodalar gurulýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli durmuşy üçin hyzmat edýär. Döwletimiziň ykdysady, syýasy taýdan mundan beýläk hem gülläp ösmeginde, ýurduň içerki amatlyklaryny üpjün etmekde, ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak işlerini doly derejede kanagatlandyrmakda awtoulag ýollary ilkinji zerurlykdyr. Türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň, maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagy bilen ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iki taraplaýyn gara ýollar, şäherdir etraplarda täze-täze köçeler, şaýollar peýda bolýar. Şu ajaýyp zamananyň asudalygyny goramak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereket howpsuzlygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdyr.