«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň nesillerine arzuwlan belent maksatlarydyr. 1991-nji ýylyň güýzünden soňky bagtly ýyllar içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlygyň beren miwelerinden erkana ganyp boý alan türkmen nesilleri öz geçmişdäki beýik işleri bitiren ata-babalarynyň edermenliklerine, olaryň watan öňündäki beýik söýgüsine guwanyp ýaşaýarlar. Bu beýik gerçekleriň bitiren işleri taryhda ýalkym saçyp, türkmen milletiniň aslynyň beýik halkdygyna şaýatlyk eder.