«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Türkmen halky ylym-bilim taýdan ýüki ýetik, il bähbidini öz bähbidinden ileri tutýan, pähim-paýhas eýesi bolan il ýaşulusyna ähli döwürlerde-de uly hormat goýupdyr. Parasatly, her bir çylşyrymly meseleden akylly-başly netije çykarmagy başaran, il-ulusy bir saçagyň başyna jemlän, il-halkyň, Watanyň ykbaly bilen baglanyşykly göreşlerde türkmen ýigitlerini ýeňşe ruhlandyran parasatly türkmen ýaşulularynyň dowamaty bolan bu günki aksakal ýaşulularymyza Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz uly sylag-sarpa goýýar. Häzirki döwürde ýaşulularymyza «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly atlaryň ýurdumyzda iň bir hormatlanylýan, iň bir sylanýan adamlara dakylmagy ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesi bilen baglanyşyklydyr. Ýaşuly nesillere hormat goýmak, olaryň mertebesini belende götermek bize pederlerimizden miras galan iň asylly ýörelgeleriň biridir.