«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Halkymyz Watany başyň täji hasaplaýar. Başyň täçli bolmagy seniň öz ýurduňda azat adamdygyňy, Watanyň barlygyny duýup, ony söýüp ýaşamak bagtynyň eýesidigiňi aňladýar. Bu duýgyny hem söýgini hiç bir baýlyk bilen satyn alyp bolmaz, bu duýgyny hiç bir zat, hiç bir gymmatlyk bilen çalşyp bolmaz. Bu duýgynyň süýjüligi we lezzeti bilen dünýäniň hiç bir zady deňleşip bilmez. Sebäbi ata Watanymyzyň berkararlygy, keremli topragymyzyň mähribanlygy, bagy hem-de bakjasy, dagy hem-de düzi, her bir daban ýeri biziň üçin iň mukaddes gymmatlykdyr.