«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýetilýän belent sepgitler ata Watanymyzy arzuwlaryň hasyl bolýan Diýaryna öwürdi. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda buýsanç bilen dile getiren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen paýhasly sözleri watandaşlarymyzy ruhlandyrýar. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halky özüniň nurana geljegini gurýar. Röwşen günlere uzaýan bu ýollarda halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjiligi we tutanýerliligi birleşip, eşretli ertirlere uzaýan menzilleri many-mazmun bilen, uly ynam we yhlas bilen baýlaşdyrýar.