«Akylly» şäherde bagtyýar durmuş

30 Sentýabr 2024
346

Ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini dabaralandyrýan giň möçberli çäreler şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna bagtyýar raýatlarymyzyň göçüp barmaklary hem taryhy ähmiýeti bolan wakalary has-da baýlaşdyrdy.

Ýakynda täze şäherde geçirilen dabaralara Arkadag şäher we etrap häkimlikleriniň, halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, täze şäheriň köp sanly ilaty hem-de myhmanlary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde «Hormatly il ýaşulusy» diýen belent derejä mynasyp bolan il sylagly ýaşulularyň hem-de «Zenan kalby» ordeni gowşurylan mährem eneleriň bolmagy medeni-köpçülikleýin çäräniň ähmiýetini has-da belende göterdi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.