«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip yglan edilen döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, bagtyýarlygyny üpjün etmek, ynsan saglygyny gorap saklamak ugrundaky aladalar döwlet syýasatymyzda esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şu esasdan hem ýurdumyzda ýaşlary sagdynlyk hereketlerine çekmek, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda giň gerimli we netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzda milli sportumyzy ösdürmekdäki beýik özgertmeler özüniň guwandyryjy netijeleri bilen ýüreklere egsilmez joşgun, kalplara ylham paýlaýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän giň şertler bolsa sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegine şert döredýär.