28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Ata-babalarymyz behişdi bedewlerimizi toý-baýramlaryň bezegi hökmünde görüpdirler. Şeýle asylly ýörelgeler häzirki ajaýyp döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär.
Türkmen halky behişdi bedewleri toý-baýramlaryň bezegi, ynsanyň wepaly dosty hökmünde görüpdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ösdürip kemala getiren, kämilleşdiren, dünýäde meşhur türkmen bedewlerine halkymyzyň sarpasy belentdir. Arassa tohum bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olary öňden gelýän milli däpler boýunça seýislemek, at çapyşyklaryny geçirmek, atly sportuň döwrebap görnüşlerini ösdürmek babatynda köp işler durmuşa geçirilýär. Bu babatynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem uly orny bar. Çünki bu ýokary okuw mekdebinde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesini ösdürjek, bedewleri seýislemekde ylmy usullary giňden öwrenjek ýaşlar kemala gelýär.