«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
2-nji iýulyň Sport žurnalistleriniň günüdigi meni tanaýanlaryň arasynda diňe Şükürbaýewiçiň ýadyna düşüpdir. Hatda doglan güne hem kän bir ähmiýet bermeýän adamy halkara hünär baýramy bilen bagly gürrüňler gyzyklandyrmajak ýaly. Emma ony futbol biparh goýmaýar. Munuň şeýledigine ölemen futbol janköýeri Süleýman bilen duşuşan wagtlary has aýdyň göz ýetirip bolýar. Bu gezek «EURO 2024» we «Copa America» (2024) bilen başlanan gürrüň «Ronaldomy, Messi?» diýen ritoriki sowala öwrülen jümle bilen jemlendi. Eger 5-nji gatdaky iş otagyma, ozalkylarym ýaly, basgançak bilen gelsem, oýlanmaga wagtym boljakdy. Liftiň hyzmatyndan peýdalananlygym üçin pikirlenmäge maýym bolmady. Şu gysga pursatda futbolyň taryhynda yz galdyran ýyldyzlary ýatlamaga çalyşdym.