«Ynamy ödemek — parz»

26 Sentýabr 2024
387

Her kime bir üşük, ukyp-başarnyk berilýär. Ony zehin bilen eýläp, kämil derejä ýetirmek, ykbala öwürmek bolsa, esasan, adamyň özüne bagly. Elbetde, munuň üçin är ömrüni, irginsiz zähmetiňi, çirim edilmedik ukusyz gijeleriňi, iň esasysy-da, egsilmeýän söýgiňi sarp etmeli. Galanymy? Galany durmuşyň öwrümli hem synagly ýollarynda öz-özünden bolýar gidiberýär. Şonuň bilen bir hatarda, halal zähmetiň sarpasyny tutýan döwür hem zerur. Bu hakykat Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, ençeme orden-medallaryň eýesi Saragt Babaýewiň zähmet ýolunyň mysalynda-da äşgär ýüze çykdy. Ukusyz geçirilen gijeler, gara dere eýlenen ýadawsyz zähmet, ykbala öwrülen çirksiz zehin, döwletimiz, Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan şeýle janypkeşlige berlen ýokary baha bu gün Saragt agany Türkmenistanyň Gahrymanyna öwürdi. Biz şatlykly günde halypa heýkeltaraşa käbir sowallar bilen ýüzlenmegi makul bildik.

— Saragt aga, ilki bilen, Sizi ýokary sylagyňyz — belent adyňyz bilen gutlaýarys! Bu şatlykly waka «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat geldi. Siziň döredijiligiňizde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy uly orun eýeleýär...

Söhbetdeş bolan Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».