Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň guramaçylykly geçirilmegi hem munuň bir mysalydyr. Watanymyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen bu biraýlygyň çäklerinde biziň welaýatymyzda hem wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar giň gerimde dowam edýär.
Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň biri «Asuda hereket — abadan durmuşyň kepili» ady bilen biziň bölümimizde geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, şeýle-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda jemgyýetiň asudalygyny, adamlaryň rahatlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyndan gözbaş alýan asylly işler hakynda giňişleýin durup geçdiler.