Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde gadymy Ahal topragynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hakda söhbet açmak biziň üçin örän ýakymly. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda hem gysga taryhy döwrüň içinde asyrlara barabar işler bitirildi, täze, döwrebap obalardyr şäherçeler guruldy. Etrap merkezleridir obalarymyz gözel keşbe beslenip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpgöter ýokarlandy, sebitiň senagat pudagynyň kuwwaty artdy.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda welaýatymyzyň çäginde iri taslamalar amala aşyrylyp, durmuşyň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Täze Oba milli maksatnamasyna we beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan rowaçly işleriň netijesinde Diýarymyzyň bu sebitindäki döwrebap oba-şäherçeleriň hem täzeleri bilen üsti ýetirilýär. Geçen ýyl Gökdepe etrabynda Köpetdagyň ýalkymy, Nurly zaman obalarynyň toý ruhunda açylmagy, häzirki wagtda Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklarynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy-da, şeýle diýmäge esas berýär. Mundan başga-da, welaýatymyzyň etrap merkezlerinde, obadyr şäherçelerinde bilim-terbiýeçilik ojaklary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda, has takygy, Bilimler we talyp ýaşlar gününde welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1 müň 200 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň we 120 orunlyk umumyýaşaýyş jaýynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegi diňe bir ýaş nesliň hem-de bilim işgärleriniň däl, tutuş ilatymyzyň şatlygyny goşalandyran waka öwrüldi.