Ekin ýerleriniň käbir gadymy atlary

24 Sentýabr 2024
517

Ak ýer — arpa-bugdaý ekmek üçin suwarmaga taýýarlanylan ýer diýmegi aňladýar. Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Döwlet guşy» atly romanynda bu gadymy söze örän jaýdar düşündiriş beripdir. Şeýle adyň adatça birnäçe wagt ekin ekilmän ýa-da tomus sürlüp, güne köýen kesekli ýeri aňlatmak üçin ulanylýandygyny ýazypdyr.

Ylmy edebiýatlarda bu adyň ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynda ýaşaýan ilatyň şiwe gepleşik dilinde hem-de garagalpagystanly türkmenlerde has işjeň ulanylýandygy tassyklanylýar. Mary welaýatynyň Murgap etrabynda Gowşutbentde daş-töweregini ekin meýdany gurşaýan oba «Ak ýer» diýlip atlandyrylýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.