Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen däbe öwrülip, her ýyl yglan edilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabat gelýär. Şonuň üçin hem biz – polisiýa bölüminiň işgärleri şu jogapkärli döwürde çagalar baglarynda, orta mekdeplerde dürli çäreleri geçirmäge aýratyn üns berýäris. Mekdep okuwçylarynyň aglabasy okuwa özbaşdak gatnaýarlar. Bu bolsa olaryň ýol hereketiniň kadalaryny bilmeklerini, olary berjaý etmek endiklerini ele almaklaryny talap edýär. Şonuň üçin Ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri ýurdumyzyň dürli künjegindäki mekdeplerde bolup, okuwçylar bilen söhbetdeşlikleri guraýarlar.
Biraýlygyň adyndan görnüşi ýaly, ýollardaky howpsuz hereket ömrümiziň rahatlygyny üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan, ýol hereketiniň düzgünleri hemişe doly we dogry berjaý edilmelidir. Sürüjiler, ýolagçylar, pyýadalar hem hereketiň howpsuzlygyny gazanmakda özlerine düşýän jogapkärçiligi bilmelidirler we işjeň gatnaşmalydyrlar.