Tehnikanyň ösmegi netijesinde, aragatnaşyk ulgamynda birek-birek bilen hat alyşmak hem internet hyzmatynyň üsti bilen sanly enjamlar arkaly amala aşyrmak ýörgünli boldy. Ýöne adamlaryň arasynda haty adaty poçta bilen ugradýanlar hem az däl. 1999-njy ýylda Ýaponiýanyň Sumami şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Wakaýama adasyndaky suwasty poçta welin, her kimi geň galdyrdy. Bu suwasty poçta gutusy deňziň 10 metr çuňlugynda ýerleşip, «Iň çuň ýagdaýda ýerleşen suwasty poçta» hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan hem orun aldy.
Aragatnaşygyň suwasty poçta görnüşi Wakaýamada bellenilip geçilýän baýramçylyklaryň birinde açylyp, onuň esasy maksady syýahatçylary şäherçä, ada gezelenje gelmäge çekmekdi. Suw astynda poçta gutusyny goýmak pikiri şäher aragatnaşyk ulgamynyň başlygyna gelipdi we ol üstünlikli amala aşyryldy. Çünki suwasty ýüzüş bilen meşgullanýan syýahatçylaryň we ada dynç almaga gelen jahankeşdeleriň bu poçta gutusynyň üsti bilen hat ýollamak usuly göwnünden turdy.