Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli «Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda 1-nji ýyl talyplaryň gatnaşmagynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň dowamynda talyplar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylan ösüşleri, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen beýik sepgitleri, abraý-mertebesi dünýä dolan ýurdumyzy şahyrana wasp etdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertinde talyplar beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly, çeper okamak boýunça bäsleşdiler. 3-nji şertde talyplar toý-dabaralary, teleýaýlymlarda gepleşikleri alyp barmak boýunça bäsleşip, öz söz ussatlyklaryny, suhangöýlüklerini görkezdiler.
Bäsleşikde 1-nji orna Şanur Atdaýew, Selbinyýaz Muhammedowa, 2-nji orna Aýnur Pollyýewa, Mekan Amangeldiýew, 3-nji orna Züleýha Klyçewa, Didar Muhammedow dagy mynasyp boldular. Ýeňijilere TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.