2023-nji ýylyň apreli — 2024-nji ýylyň apreli aralygynda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 53 million funt sterlinge deň boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Söwda we işewürlik ministrligi habar berdi.
Hasabat döwründe Beýik Britaniýanyň Türkmenistana amala aşyran eksporty 38 million funt sterlinge barabar boldy. Şonuň 23 milliony harytlaryň, 18 milliony bolsa hyzmatlaryň paýyna düşýär.