Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadag saparynyň barşynda täze şäherde ulanylýan elektrobuslaryň aýratynlyklary bilen hem tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri elektrobuslaryň amatlylyk we tehniki görkezijiler babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin degişli düzümleriň hünärmenleri bilen bilelikdäki tagallalaryň edilmeginiň zerurdygy aýdyldy. Şeýle-de häzirki wagtda bar bolan we geljekde satyn alynjak elektrobuslaryň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelmegi, olarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi we ilata ýokary derejede hyzmat edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi.