Ýurdumyzyň küşt boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, öz toparçalarynda birinji orny eýelediler. Munuň özi 6 ýyllyk arakesmeden soňra, küşt dünýäsindäki iň abraýly ýaryşa gatnaşýan türkmen türgenleri üçin ýokary netijedir.
45-nji gezek geçirilen Olimpiada 200-e golaý topar gatnaşdy. Olaryň arasynda umumy hasapdan başga-da, toparlaryň reýting derejesine laýyklykda toparçalara bölünen hasaplar hem ýöredildi. Şeýlelikde, Bütindünýä küşt olimpiadasynyň ýaryşlary bäş toparçada geçirildi. Ýaryşda ýurdumyzyň erkekler ýygyndysy mümkin bolan 22 utukdan 15 utuk toplap, «B» derejesinde, zenanlar ýygyndymyz bolsa 14 utuk bilen «C» derejesinde çempion bolmagy başardylar. Türkmen küştçüleriniň ýerleşen toparçalary olaryň umumy sanawdaky orny bilen baglydyr. Olar ýaryşa ortaça reýtingiň 73-nji ornundan girişdiler.