Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlary, şonuň bilen birlikde, milli ylym-bilim ulgamy hem ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan täzeçe çemeleşmeler, başlangyçlar bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýlelikde, iň öňdebaryjy tejribä, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bu ulgam nesillerimiziň halkara derejede bilim almagyna gönükdirilen netijeli işler esasynda kämilleşdirilýär. Bu günki günde watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsdeşlige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar.
Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 ― 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär.