Rahat durmuşyň goragynda

20 Sentýabr 2024
453

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky harby mekdebiniň sürüjileriniň hem-de harby okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalary bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäresi guraldy. Onda harby lukman maýor A.Gubyrowyň, harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçiler wzwodynyň gözegçisi A.Jumaniýazowyň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, maýor A.Saparmedowyň, hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiň mugallymy D.Öwelekowň, Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginden kapitan M.Gurbanalyýewiň gatnaşmagynda ýol hereketiniň düzgünleri, ýol-ulag hadysalary, olaryň getirýän agyr netijeleri hakyndaky gürrüňler geçirilýän çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Maral ÝOLLYÝEWA,
Daşoguz garnizonynyň Harby awtomobil gözegçiliginiň jogapkär ýerine ýetirijisi, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.