Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň sagdyn we berk bedenli ösmegini gazanmak üçin uly tagallalar edilýär. Bu işe biz hem netijeli gatnaşýarys. Jemgyýetimiziň hereketjeň bölegi bolan çagalaryň ömürleriniň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri giňden ýaýbaňlandyrýarys.
Häzirki günlerde guramaçylykly dowam edýän biraýlygyň çäginde körpeleriň arasynda ýol hereketiniň kadalaryna, köçede özüňi alyp barmagyň düzgünlerine bagyşlanan bäsleşik guradyk. Onda körpeler çatryklardan geçmegiň, köçeleri kesip geçmegiň düzgünleri boýunça özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Bu işde bize şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihaty boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Döwran Jumaýew ýakyndan ýardam berdi. Biz ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ömürleriň rahatlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly şeýle çäreleri çagalaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda hem yzygiderli guraýarys. Şeýle tagallalar özüniň oňyn netijesini-de berýär.